Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Waslaw Hawel kim?


Dramaturg Waslaw Hawel Pragadaky demonstrasiýada, 1989-njy ýylyň 10-njy dekabry.

Dramaturg Waslaw Hawel Pragadaky demonstrasiýada, 1989-njy ýylyň 10-njy dekabry.

Aşyrguly Baýryýew

Aşyrguly Baýryýew

Ýazgymyň şu sözbaşysyny okanlaryň arasynda: “Özüň bir ony tanaýaňmy?” diýen sowaly keserdip goýjaklar tapylsa gerek. Jogabym şeýle: men bu beýik şahsyýeti ol hakda okan, eşiden zatlarym esasynda gaýybana tanaýaryn. 2007-nji ýylyň oktýabrynda, ýürek telwasym hasyl bolup, Pragada bolanymda, Waslaw Hawel bilen, iň bolmanda duşuşmaga synanyşyk etmändigime indi-indi ökünip, soňuna çykyp bilemok. Ol kabul ederdimi-etmezdimi – başga mesele, ýöne men: “atyp galman, ýatyp galypdyryn”.

Mahmal rewolýusiýany amala aşyryp, Çehiýadan we Slowakiýadan ybarat bu ýurda azatlygy, erkinligi getiren beýik ynsana Waslaw Hawel diýýärler. Onuň bilen gaýybana tanyşlygym, ine, şundan başlanýarmyka diýýän. Ol bu döwlete girýän iki respublikanyň özbaşdaklyga parahatçylykly eýe bolmagynda hem uly hyzmat bitiren adam.

Ýüzugra aýtsam, ýaranjaňlykda ýakasyny tanadan bir köşk žurnalistiniň, hamala Saparmyrat Nyýazowyň Türkmenistanda mahmal rewolýusiýany amala aşyrandygy hakyndaky kitapçasyny zibilhana taşlandygymy aýdyp geçeýin. Hakyky intelligent, ynsanperwer, demokrat Hawel nire, diktator Nyýazow kaýda?! Olary bir hatarda goýjak bolmak ynsapsyzlykdan, nadanlykdan, hakykaty galplaşdyrmakdan başga zat däldir.

Öz iliniň, belki-de, bütin adamzadyň aladasyny eden bu şahsyýet barly maşgaladan çykan adam. Muny oňa nobatdaky gezek sud edenlerinde “Rude prawo” partiýa gazetinde ýüzüne basmakçy bolupdyrlar. Bu neşirde ýerleşdirilen “Waslaw Hawel kim?” atly kül-peýekun ediji biçak uly göwrümli oçerkde onuň atasynyň garyplykdan baýap, arhitektor we gurluşykçy-fabrikant bolup ýetişendigi, Pragada “modern” stilde birnäçe jaý gurandygy tekrarlanýar. Agtygy prezident saýlanandan soňra-da şol jaýlaryň birinde ýaşamagyny dowam etdiripdir. Atasy ýaşaýyş jaýlardan başga-da soňra Şalýapin ýaly dünýä belli aýdymçylaryň çykyş eden ajaýyp “Lýuserna” konsert zalyny hem gurupdyr.

“Şolary bir baryp göräýmeli ekeniň” diýip, öz-özüme igenýärin. Çehiýa Türkmenistan däl, olary köne jaý diýip, ýykyp goýberen däldirler-ä. Dünýäniň köp ýurtlaryndaky ýaly, bu ýerde-de köne, gadymy ymaratlara aýawly garaýarlar, şäherleriň, obalaryň taryhy keşbini täze görnüşleri bilen utgaşdyryp, sazlaşykda saklamaga çalyşýarlar.

Gürrüňi edilýän sud oçerkinde Haweliň kakasynyň-da, daýysynyň-da (mümkin agasydyr-A.B.) kapitalist, maýadar bolandygy, hatda olaryň “Barrandlar” kinostudiýasyny döretmäge gatnaşandyklary nygtalýar. Maksat düşnükli: her edip, hesip edip, dissidentiň buržuaz aslynyň bardygyny görkezmeli.

Şeýlelikde oňa kadaly okamaga mümkinçilik bermändirler. Waslaw özüni jemgyýetden üzňeleşdirilýän, ýanalýan halda duýupdyr. Ol 1955-nji ýylda giren Çeh ýokary tehniki uçilişesiniň ykdysadyýet fakultetini doly tamamlamasa-da, harby gullukdan soň iki ýyl geçirip, teatrda dramaturg, soňra režissýoryň assisenti we awtor bolup işlemek bilen, 1967-nji ýylda Praganyň Saz we teatr sungaty akademiýasynyň teatr fakultetini gutarýar. Şondan bir ýyl-geçip geçmänkä-de, “Garaşsyz ýazyjylaryň klubunyň” başlygy bolýar. Hawel şol ýylyň özünde teatrdan işden gitmäge mejbur edilýär, onuň eserlerini sahnada goýmaga gadaganlyk girizilýär. Bir ýyldanam ol eklenç üçin işçi hökmünde zähmet çekip başlaýar: laborant bolubam, agaç ussasy bolubam işleýär, piwo gaýnadýan zawodyň işçisi-de, ýükçi-de bolýar.

Ýurduň prezidentligine tarap

Waslaw Hawel üç gezek, jemi bäş ýyllap türmede oturýar. Ol soňky sapar 1968-nji ýylda Çehoslowakiýa Sowet Soýuzynyň baştutanlygynda ýaranlyk goşunlaryň girizilmegine protest bildirip, student Ýan Palahyň özüni otlan ýerine öz egindeşleri, dostlary bilen gül goýmaga barýarka tussag edilýär. Şonda olar bu wakanyň 20 ýyllygyny bellemekçi ekenler. Ol türmede ýurda halkyň aktiwliginiň ösýändigini, tolgunyşyklaryň, çykyşlaryň bolýandygyny eşidýär.

Şol tussaglykdan bir ýyl soňra, ýagny 1990-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda, W. Hawel bu ýerdäki ýas mitingine ýurduň prezidenti wezipesinde gelýär hem-de çykyş edip, bir ýyl ozalky wakalary ýatlaýar, Ýan Palaha mynasyp ýadygärligiň bina ediljekdigini aýdýar.

Ol özüni dramaturg saýsa-da, ýigrimi ýyllap çehoslowak sahnasynda ýekeje pýesasy-da goýulmaýar. Ençeme halkara baýraklaryň laurety bolandygyna garamazdan, ýigrimi ýylyň dowamynda ýurduň çäginden daşary çykyp bilmeýär. Diňe bir gezek gizlin ýagdaýda Polşa geçip, “Solidarnostdaky” pikirdeşleri bilen duşuşýar. Geljekki prezident özüniň syýasy iş bilen meşgullanasynyň gelmeýändigini, teatrda işlemek isleýändigini nygtaýar. Ýöne bu niýeti başa barmaýar. Onuň döredijiligi adalat ugrundaky, adam hukuklary ugrundaky göreş bilen pugta baglanyşykly. Şonuň üçin-de ol hakda ýazan awtorlaryň biri Leonid Kornilow olaryň arasynda serhet geçirmegiň kynlygyny belläp, Haweliň 1975-nji ýylda ýazan “Doktor Gusaga açyk haty” syýasatmy ýa edebiýat” diýen sowaly orta atýar. 1983-nji ýylda türmeden aýaly Olga ýazan hatlary näme diýibem soraýar.

Hawelden “Siziň syýasy işiňiz netijelimi ýa-da edebi işiňiz” diýlip soralanda, jogap bermekde kynçylyk çekipdir, goý, ony adamlaryň özleri çözsünler diýipdir. “Siz näme üçin kostýum däl-de, switer geýýärsiňiz?” diýen sowala “Biziň parahatçylykly rewolýusion günlerimizde meni köplenç switerli görmegiňiziň sebäbi eşigimi çalşyrmaga wagtyň bolmanlygydyr, ýöne men kostýumam geýýän” diýip, jogap beripdir. “Siziň geçmişiňiz üçin sizden ötünç soran boldumy?” diýen sowala-da jogaby nagt bolupdyr: “Hiç kim, onuň maňa geregi-de ýok”. Munuň özi onuň içi kitüwli däldigini, özüne ýamanlyk edenlerden kümsüklik bilen ar almak islemeýändigini görkezýän bolsa gerek.

Ozal aýdyşymyz ýaly, 1989-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda eli gül desseli Waslaw Hawel tutulyp, köpçülikleýin bidüzgünçilikleri öjükdirmekde we Waslaw meýdanynda rugsat berilmedik ýanwar demonstrasiýasynda häkimiýet wekillerine boýun bolmazlykda” aýyplanyp, dokuz aý azatlykdan mahrum edilende, bütin dünýäde protest tolkunlary joşdy. Sowet ýazyjylarynyň bir topary-da olara goşuldylar. Arman, olaryň arasynda türkmen ýazyjylarynyň ýekejesiniň-de sesi ýaňlanmady. Çehoslowakiýanyň federal ýygnagynyň deputatlary ony 1989-njy ýylyň 29-njy dekabrynda ýurduň prezindentligine saýlaýar.

Waslaw Hawel öz syýasy garaýyşlaryna laýyklykda hereket etmäge çalyşýar. Çehoslowakiýa daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlaryny, ildeşlerini, aýratynam iri biznesmenleri, syýasatçylary, medeniýet işgärlerini hyzmatdaşlyga çagyrýar. Prezidentiň ýanynda maslahatçy Geňeş döredilýär. Haweliň içki syýasatynda-da döredijilik we birleşdiriji tendensiýalar görünýär, ol öz kalbynda hojalygyň hususy usullaryny oňlasa-da, eýeçiligiň dürli görnüşleriniň köpdürlüligini we deňhukuklylygyny goldaýar.

75 ýaşyny dolduryp, dünýäden öten Waslaw Hawele aramyzdan gitdi diýmäge dilim baranok. Ýok, ol biziň aramyzda, biziň döwletimiziň hukuk, demokratik, dünýewi döwlet hökmünde berkarar bolmagy baradaky maksatlarymyzda, arzuw-hyýallarymyzda ýaşaýar. Ol bize görelde.

Aşyrguly Baýryýew Aşgabatda ýaşaýan şahyr we garaşsyz žurnalist, halkara Deýwid Börk baýragynyň eýesi. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG