Sepleriň elýeterliligi

Germaniýa wiza talaplaryny gowşadyp başlar


Germaniýa geljek ýyldan başlap, ýurda biznesmenleriň gelmegine ýeňillik döretmek üçin, wiza talaplaryny gowşadyp başlar.

Germaniýanyň daşary işler ministri Gido Westerwelle “Reuters” habarlar gullugyna “men globallaşan dünýäde Germaniýanyň ornuny nazara alyp, has liberal wiza syýasatynyň ýöredilmegine ýykgyn edýärin” diýdi.

Maglumata görä, wiza talaplarynyň ýeňilleşdirilmegi Hytaýyň we Orsýetiň müňlerçe adamlaryna we kompaniýalaryna Germaniýada biznes etmäge ýol açyp biler.
XS
SM
MD
LG