Sepleriň elýeterliligi

Eýran Ormuz bogazyny ýapmak bilen haýbat atýar


Eger-de Tähranyň nebit eksportyna garşy halkara sanksiýalar girizilse, onda Eýran Ormuz bogazyndan geçýän nebit tankerleriniň gatnawyny kesjekdigini duýdurýar.

Eýranyň döwlet eýeçiligindäki “IRNA” habar gullugy ýurduň birinji wise-prezidenti Mohammad Reza Rahiminiň sözlerini ýaýratdy. Onda şeýle diýilýär “Eger-de Günbatar Eýranyň nebit eksportyna garşy gadaganlyk girizse, onda Ormuz bogazyndan nebitiň ýekeje damjasy-da geçmez”.

Dünýä boýunça deňziň üsti bilen daşalýan nebitiň üçden bir bölegi diýen ýaly Ormuz bogazyndan geçýär. Sebitde Amerikanyň harby gämileri hem nobatçylyk edýär.
XS
SM
MD
LG