Sepleriň elýeterliligi

Ysraýylda 10 müň töweregi adam proteste gatnaşdy


Ysraýylda 10 müň töweregi adam aýallaryň gaýra tutulmagyna we dini fanatizme garşy geçirilen protest çäresine gatnaşdy. Protest Ysraýylyň günorta-günbataryndaky Beit Şemeş şäherinde geçdi.

Dartgynlylyk bir telegepleşigiň dowamynda sekiz ýaşly gyzjagazyň mekdebe barýan wagty oňa gara lybasly bir prawoslaw adamyň sögünendigini aýdanyndan soň döredi. Prawoslaw adam gyzjagazyň ýeterlik derejede sada geýinmändiginden zeýrenipdir.

Beit Şemeş şäheriniň aglaba ýaşaýjylary aşa prawoslawlardyr.

Ysraýylyň prezidenti Şemon Peres ýurduň ýaşaýjylaryny proteste gatnaşmaga çagyrdy:

— Hiç kimiň bu sebäp bilen bir gyzjagazy, aýal maşgalany ýa-da başga birini gorkuzmaga haky ýokdur. Olar bu ýeriň eýeleri däl. Biziň ählimiz bu topraklaryň ýaşaýjysy.

Demonstrasiýa demokratiýa we deňlik ugrunda hereket edýän aktiwistler tarapyndan gurnaldy.
XS
SM
MD
LG