Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze ýylyň öňüsyrasynda söwda ýokarlandy


Aşgabadyň bazarynda, 28-nji dekabr.
Aşgabadyň bazarynda, 28-nji dekabr.

Täze ýyl baýramçylygy ýetip geldi. Adamlaryň aglabasy häzir bu baýramçylygy garşylamagyň aladasynda.


Şu günler öýlän sagat 6-dan soň Aşgabadyň bazarlarynyň alyjylary adaty günlerdäkiden has köp bolýar. Baýramçylygyň öňüsyrasynda bahalaryň ýokary galýandygyna garamazdan, bazarlara baryp, täze ýyl saçagyny bezemek üçin, azyk önümlerini ýa-da çagalaryna, garyndaşlaryna hem-de dost-ýarlaryna sowgat satyn alýan adamlar örän köp.

Aşgabatdaky lomaý söwda bazary dekabr aýynyň başyndan bäri Täze ýyl baýramçylygynyň bazaryna öwürildi. Lomaý söwda bazarynyň satyjysy, 36 ýaşly Akmyrat şu günler bazarlarda harytlaryň mukdarynyň artýandygyny aýdyp, şeýle diýdi:

—Bazardaky satylýan harytlaryň möçberi adatdakydan örän köp. Häzir bazarlara adaty günler tapyp bolmaýan azyk önümleri çykarylýar. Lomaý söwda bazarynda müşderiler esasan gaplanan azyk önümlerini satyn alýarlar. Maýonez, mekgejöweniň dänesi, zeýtun, gök nohut ýaly konserwirlenen önümler has-da geçginli. Täze ýylyň öň ýanynda bu bazara selýodka, skumbriýa, işbil hem-de gymmat bahaly spirtli içgileriň uly toplumy geldi.

Täze ýyl baýramçylygynda ýylyň beýleki günleri desterhanlarda kän bir duşmaýan tagamlar goýulýar. Munuň üçin şert bar. Krewetka, ançous ýaly deňiz jandarlary türkmen bazarlaryny belli bir derejede daşary ýurt bazarlarynyň assortimentine gabat getirýär. Ýönekeý günlerde hem bu deňiz önümlerine bazarlaryň käbirinde duş gelmek bolýar. Emma bu önümleri türkmen bazarlarynda şeýle köp möçberde diňe Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanynda görmek bolýar.

Türkmenistanda önmeýän ir-iýmişler hem Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanynda bazara dökülýär. Bazarlarda satylýan mandarin, greýpfrut, ananas, kiwi we beýleki ekzotik ir-iýmişleriň mukdary artýar. Olaryň bahasy hem olaryň mukdaryndan kem galanok. Mysal üçin, ananasyň bir kilogramy 20 manada ýetýär. Mandariniň bir kilogramy üçin iň arzan baha 4 manat.

Aşgabatly 34 ýaşly Geldimyrat türkmen bazarlaryndaky söwda we alyjylaryň ukyplary barada şeýle diýdi:

—Adamlaryň alýan zähmet haklaryny olaryň Täze ýyl baýramçylyk söwdalaryndan aňsa bolýar. Bir kilogramy 20 manatdan ananasy her bir türkmenistanly satyn alyp bilmeýär. Etiň bahasynyň hem ýokary galmagy bilen çişlik bişirip, Täze ýyly garşylaýanlar şu gezek az bolsa gerek.

Ýöne, muňa garamazdan, Aşgabadyň lomaý söwda bazarynyň satyjysy Akmyrat adamlaryň dekabr aýynyň zähmet haklaryny bazarlarda galdyrmakdan ýaýdanyp durmaýandyklaryny aýdýar:

—Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda aýlyk haklaryny alan adamlar baýramçylyk saçagyny bezemek üçin aýlyklarynyň ep-esli bölegini sarp edýärler. Munuň şeýledigini ýanwar aýynda söwdanyň peselýändigi bilen delillendirse bolar.

Bazardan çykyp barýan müşderileriň ellerindäki içi doly sebetleri göreniňde, Akmyradyň aýdýany bilen ylalaşmazça däl.
XS
SM
MD
LG