Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gyrgyz şäheri Oşda ýolagçy uçary ot aldy


Şu gün Gyrgyzystanyň Oş şäheriniň aeroportunda ýolagçy uçary uçuş zolagyndan çykyp, ot aldy.

Bu waka Bişkekden Oş şäherine uçup baran üsti 82 sany ýolagçyly «Tu-134» kysymly uçar aeroportda gonan wagty ýüz berdi.

Wakada uçuş ýolundan çykan uçaryň ganaty döwlüp, ol ot aldy. Ýöne uçardaky ýolagçylary we pilotlary öz wagtynda uçardan ewakuasiýa etmeklik başartdy.

Oşyň oblast keselhanasynyň lukmany Abdyjalil Muratow bu wakada 12 adamyň ýeňil derejede ýaralanandygyny aýtdy.

Uçaryň uçuş zolagyndan çykmagynyň sebäbi heniz anyk däl.
XS
SM
MD
LG