Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kim Çen Iriň iki günlük jaýlanyş çäresi başlandy


Şu gün Demirgazyk Koreýanyň ýakynda aradan çykan awtoritar lideri Kim Çen Iriň iki günlük jaýlanyş çäresi başlandy.

Şu gün döwlet telewideniýesi Kim Çen Iriň tabydynyň paýtagt Phenýanyň köçesinden geçirilýän wagty on müňlerçe adamyň ony gözýaş bilen garşy alýandygyny görkezdi.

Demiragzyk Koreýanyň telewideniýesi Kim Çen Iriň 17-nji dekabrda ýürek tutgaýyndan aradan çykandygyny habar beripdi. Onuň resmi jaýlanyş çäresi ertir günortanlar gurnalar diýlip garaşylýar.

Köp synçylar Kim Çen Iriň ornuny indi onuň kiçi ogly Kim Çen Unuň eýelejekdigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG