Sepleriň elýeterliligi

Žanaozende adatdan daşary ýagdaýyň möhleti uzaldylýar


Gazagystanyň hökümet komissiýasynyň başlygy Umirzak Şukeýew ýurduň Žanaozen şäherinde girizilen adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň möhletiniň uzaldyljakdygyny mälim etdi. Ol munuň sebäbini ýerli resmileriň muny haýyş edendikleri bilen düşündirýär.

Žanaozendäki adatdan daşary ýagdaý düzgüni 17-nji dekabrda bu şäherde ganly çaknyşyklara getiren bulagaýçylyklaryň ýüze çykmagynyň yzy bilen 20 günlük möhlet bilen girizilipdi.

Şol wakada polisiýa güýçleriniň protestçilere garşy ýarag ulanmaklary netijesinde azyndan 16 adam ölüp, 100-den gowrak adam ýaralanypdy.

Şäherdäki adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň möhletiniň ýene näçe wagta uzaldyljakdygy barada häzirlikçe anyk maglumat alynmady.
XS
SM
MD
LG