Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karzaý “Talybanyň” Katarda ofis açmagy bilen ylalaşyp biler


Şu gün Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý “Talyban” güýçleri bilen parahatçylyk gepleşiklerini geçirmek maksadyndan ugur alyp, olaryň Katarda öz ofislerini açmak planlary bilen ylalaşyp biljekdigini aýtdy.

Ol “Talyban” güýçleriniň ofisiniň Saud Arabystanynda ýa-da Türkiýede açylmagynyň has ýerlikli boljakdygyny, emma Birleşen Ştatlaryň olaryň ofisiniň Katarda bolmagyna aýak dirän halatynda, bu wariant bilen hem Owganystanyň hökümetiniň ylalaşyp biljekdigini mälim etdi.

Şu aýyň başynda Owganystanyň hökümeti bu meseläni maslahatlaşmak üçin özüniň Katardaky ilçisini ýörite konsultasiýa çagyrypdy.
XS
SM
MD
LG