Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Gallap” ÝB-niň liderligine garaýyşlar barada


“Gallap” guramasy Ýewropa Bileleşiginiň liderliginiň iş depginine garaýyşlar barasynda dünýäniň 125 ýurdunda pikir soralyşyk geçirdi. Sowal-jogabyň netijelerine görä, Afrikada, Amerikada, Aziýada, Ýakyn we Orta Gündogarda, postsowet giňişliginde gozgalýan meselä garaýyşlar biri-birinden ep-esli tapawutlanýar.


ÝB-niň liderliginiň iş depginine türkmenistanlylaryň, postsowet giňişligindäki beýleki ýurtlaryň graždanlarynyň garaýyşlary nähili?

Gurama özüniň çap eden hasabatynda berlen soraga jogaby telefon arkaly, şeýle-de her ýurtda 1,000 töweregi adam bilen ýüzbe-ýüz söhbetdeşlik arkaly alandygyny, pikir soralanlaryň on bäş hem şondan ýokary ýaşly adamlardygyny, geçirilen sorag-jogabyň 2010-2011-nji ýyllary öz içine alýandygyny belleýär.

Postsowet giňişliginde ÝB-niň liderligini makullaýanlaryň iň köp ýurdy Gazagystan – 52 prosent, onuň yz ýanyndaky setiri 51 prosent bilen Türkmenistan eýeleýär. Gyrgyzystanyň we Orsýetiň raýatlarynyň dörtden birindenem azragy bu pikiri goldaýar.

Türkmenistanyň goňşusy Özbegistanda pikiri soralanlaryň 39 prosenti, Täjigistanda 42 prosenti Ýewrobirligiň liderligini makullaýandyklaryny aýdypdyrlar. Ýewropa giňişliginde ýerleşýän Azerbaýjanda bu görkeziji 45 prosentdir.

Ýewrobirleşige agza bolmak isleýän, ýöne soňky döwürde Fransiýa bilen gatnaşyklary dartgynlaşan Türkiýäniň graždanlarynyň 60 prosenti muňa özleriniň garşydygyny mälim edipdir.

Gurama berlen maglumatyň 95 prosentiniň hakykata bap gelýändigini, ýalňyşlygyň, säwligiň 1,7 prosentden 5,7 prosente çenli bolup biljekdigini ýazýar. Regionlar boýunça tutuşlygyna alanyňda, Ýewrobirligiň liderligini makullaýanlar 44 prosente, oňa garşylar 22 prosente deň bolupdyr.

Türkmenistan

Postsowet giňişliginde Gazagystandan soň ikinji orny eýeleýän Türkmenistanda görkezijiniň ýokary bolmagyna nähili sebäpler bar?

Adynyň çap edilmezligini soran Aşgabadyň ýaşaýjysy Türkmenistan bilen Ýewrobirlige girýän ýurtlaryň arasynda gatnaşyklaryň soňky ýyllar ösýändigini, Türkmenistana gelip işleýän ýewropa kompaniýalarynyň ýurtda iş bilen üpjünçilikde-de gowy rol oýnaýandygyny aýtdy. Ýöne onuň sözlerine görä, adam hukuklary, söz-metbugat azatlygy, hakyky demokratik reformalar ýaly halkyň garaşýan meselelerinde Ýewrobirligiň tagallalary ýeterlik däl.

“Barybir biz gowy umytda, şonuň üçin eger şol soragy maňa beren bolsalar, oňyn jogap bererdim, çünki dünýäniň köp regionlary bilen deňeşdirilende biz Ýewropa ýakyn” diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy aýdýar.

Maryly telekeçi ýurduň saglyk edaralaryny häzirki zaman medisina enjamalary bilen üpjün etmekde ýewropa ýurtlarynyň Türkmenistana gowy kömek berýändigini aýdyp, Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: “Türkmenistan üçin Ýewrobirleşigiň liderligi bähbitli. Sebäbi ýewropa ýurtlarynyň köpüsi bilen Türkmenistanyň ykdysady, medeni aragatnaşygy ýola goýlan”.

Prezidentiň garaýşy

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Belgiýa, Germaniýa eden saparlarynda türkmenistanlylara ýewropa medeniýetiniň, ýewropa mentalitetiniň golaýdygyny, ony kabul edýändiklerini hem olaryň ýewropa durmuş şertlerinde ýaşamak isleýändiklerini aýdypdy.

Şu ýylyň 25-nji fewralynda geçiren hökümet maslahatynda döwlet işgärlerine ýüzlenip, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle diýipdi:

—Biziň esasy wezipämiz öz halkymyz üçin Ýewropanyň ösen döwletleriniň derejesindäki ýaly ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmekden ybarat. Şoňa görä-de öňde durýan örän jogapkärli wezipeleriň bildirilýän talaplara laýyklykda we ýokary hilli ýerine ýetirilmelidigini size ýene bir gezek ýatladýaryn.

ÝB ýurtlaryndan Türkmenistana gelýän delegasiýalaryň, dürli derejelerde geçirilýän duşuşyklaryň sany geçip barýan ýylda ep-esli artdy. Türkmen gazyny “Transhazar” turbasy arkaly Ýewropa ýurtlaryna akdyrmak meselesi gepleşiklerde esasy orunda durýar.

Emma Türkmenistanda adam hukuklarynyň, iň esasy azatlyklaryň berjaý edilişine Ýewrobirleşikde nägilelik bildirýän, türkmen häkimiýetlerini tankytlaýan guramalaram, syýasatçylaram bar.

“Gallap” merkezi Waşingtonda ýerleşýän Gallap uniwersitetiniň ýanynda 75 ýyl bäri dürli meseleler boýunça jemgyýetçiligiň pikirini öwrenip, hasabat ýaýradýar. Bu merkeziň dünýäniň dürli künjeklerinde 40 edarasy hem 2,000 töweregi işgäri bar.
XS
SM
MD
LG