Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Ormuz bogazyndaky bökdençlikler bilen “ylalaşmaz”


Pentagon Ormuz bogazynda döräp biljek islendik bökdençlik bilen “ylalaşmajakdygyny” mälim etdi. Ormuz bogazynyň üsti bilen Ýakyn Gündogaryň nebiti dünýä bazarlaryna çykarylýar.

Amerikanyň beýanatyndan bir gün öň, Eýranyň wise-prezidenti Mohammed-Reza Rahimi Tähranyň nebit eksportyna garşy halkara sanksiýalar girizilse, onda Ormuz bogazyndan “ýekeje damja-da nebtiň” geçirilmejekdigini aýdypdy.

Amerikanyň prezident Barak Obamanyň Eýranyň Merkezi bankyna garşy täze gadagançyklaryň toplumyna gol goýmagyna garaşylýar. Munuň netijesinde Tähranyň nebitden gelýän girdejilerine uly zyýan ýetmegi mümkin.

Bu aralykda Eýranyň harby-deňiz güýçleriniň komanduýuşisi admiral Habibulla Saýari “Ormuz bogazyny böwetlemek – biz üçin bir bulgur suw içmekden hem aňsat, ýöne häzirlikçe muny amala aşyrmaga zerurlyk ýok” diýdi.
XS
SM
MD
LG