Sepleriň elýeterliligi

Siriýada tussag edilen 755 protestçi azatlyga goýberildi


Siriýada hökümete garşy protestleriň dowamynda tussag edilen 755 adam azatlyga goýberildi. Bu barada Siriýanyň döwlet eýeçiligindäki habarlar gullugy maglumat berýär.

“SANA” agentliginiň ýaýradan maglumatyna görä, azatlyga çykarylan 755 adamyň arasyna “eli gana” bulaşanlar goşulmandyr.

Tussaglary azat etmek çäresi Siriýadaky ganly çaknyşyklary togtatmak ugrunda Arap Ligasynyň öňe sürýän şertleriniň biridir.

Bu aralykda Arap Ligasynyň gözegçileri iki gün bäri Homs şäherindäki ýagdaýlara gözegçilik edýärler. Homs prezident Başar al-Assadyň režimine garşy geçirilýän protestleriň merkezi şäherleriniň biridir.
XS
SM
MD
LG