Sepleriň elýeterliligi

Müsür: Mubaregiň sud diňlenişigi dowam edýär


Kairde Müsüriň ozalky lideri Hosni Mubaregiň üstünden geçirilýän sud diňlenişigi, ara üç aý wagt düşensoň, çarşenbe güni täzeden dowam etdi.

Mubarek suduň binasyna keselhana ulagynda getirildi.

Mubarek fewral aýynda ýüz beren baş götermeleriň dowamynda 850 töweregi protestçiniň öldürilmegine dahylly bolmakda aýyplanýar. Şol tolgunyşyklaryň netijesinde ol häkimiýetden çetleşdirilipdi.

83 ýaşly Hosni Mubarek ýürek näsazlyklary sebäpli harby hassahanada tussaglykda saklanypdy.
XS
SM
MD
LG