Sepleriň elýeterliligi

Žirinowskiý, Zýuganow prezidentlige dalaş eder


Orsýetde geljek ýyl geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna gatnaşjak ýene-de iki kandidat hasaba alyndy. Olaryň biri aşa milletçi Wladimir Žirinowskiý, beýlekisi hem Kommunistik partiýanyň lideri Gennadiý Zýuganowdyr.

Mundan öň, 2012-nji ýylyň 4-nji martynda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşmaklary üçin, premýer-ministri Wladimir Putin we Federal Geňeşiň ozalky başlygy Sergeý Mironow hasaba alnypdy.

Milliarder Mihail Prohorow hem prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşmaga meýillidigini mälim edipdi.
XS
SM
MD
LG