Sepleriň elýeterliligi

Sibirde bolan ýer titremede binalara zeper ýetdi


Orsýetiň Sibir regionynda dörän ýer titreme sebäpli, ýurduň Tuwa awtonomiýasynyň paýtagty Gyzyl şäherinde onlarça bina zeper ýetdi. Bu barada rus resmileri habar berýärler.

Maglumata görä, sişenbe güni giçlik 6,7 bal derejesinde bolan ýer titreme netijesinde uly weýrançylyk hem adam pidalary bolmandyr.

Gyzyl şäheriniň ýerli häkmiýetleriniň maglumatyna laýyklykda, şäherde 31 bina, şol sanda mekdebe we suw üpjünçilik ulgamyna zeper ýetipdir.

Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrligiň aýtmagyna görä, 3,500 töweregi adam wagtlaýyn ýaşaýyş ýerleri bilen üpjün edilipdir.
XS
SM
MD
LG