Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranly aktiwist Ebrahim Ýazdi türmä basyldy


Eýranda oppozisiýa aktiwistleriniň biri Ebrahim Ýazdi sekiz ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Bu barada Ýazdiniň aklawçysy Azatlyk Radiosynyň Pars gullugyna habar berdi.

Eýranda gadagan edilen “Azatlyk hereketiniň” ýolbaşçysy, 80 ýaşly Ýazdi ýurduň milli howpsuzlygyna garşy hereket etmek we ýalan maglumatlary ýaýratmak ýaly aýyplamalar boýunça günäli tapyldy.

Eýranda şular ýaly aýyplamalar syýasy oppozisiýa wekillerine ýygy-ýygydan bildirilip gelinýär.
XS
SM
MD
LG