Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan Hytaý bilen nebit ylalaşygyny baglaşdy


Onlarça ýylyň dowamynda Owganystan ilkinji gezek özüniň nebit ýataklaryny özleşdirmek boýunça halkara ylalaşygyny baglaşdy.

Hytaýyň milli nebit kärhanasy, ýagny CNPC bilen baglaşylan ylalaşygyň çäklerinde ýurduň demirgazygyndaky Sar-e Pul welaýatynda nebit ýataklaryny burawlaýyş hem nebiti arassalaýyş işleri geçiriler.

Owganystanyň dag senagaty boýunça ministri Wahidulla Şahraniniň maglumatyna görä, CNPC özüniň enjamlaryny bir aýa galman getirip başlar. Anyk işler 2012-nji ýylyň oktýabryndan başlanar.
XS
SM
MD
LG