Sepleriň elýeterliligi

“Halka hyzmat” Daşkentde azygyň gymmatlamagynyň öňüni aldy


Daşkentdäki bazarlaryň administrasiýasy we Daşkendiň ýaşaýjylary şäherde açylan “Halka hyzmat” ýarmarkalarynyň paýtagtda azyk önümleriniň gymmatlamagynyň öňüni alandygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Daşkendiň ýaşaýjylarynyň sözlerine görä, adatça täze ýyl baýramyndan öň bahasy ýokarlanýan etiň, tüwiniň, mäşiň, ýumurtganyň, saryýagyň, şekeriň, unuň, gök önümleriň we miweleriň bahalary bu ýyl üýtgemändir.

Özbegistanyň resmi metbugaty bu ýagdaýy yzygiderli şöhlelendirýär. Metbugat muny üpjün eden zadyň ýurduň prezidentiniň bu hakdaky permanydygyny, hut şoňa görä paýtagtyň 12 sany daýhan bazarynda “Halka hyzmat” söwda ýarmarkalarynyň gurnalandygyny ýazýar.

Özbegistanyň habar agentliginiň 27-nji dekabrda ýaýradan maglumatyna görä, "Toşbazartaýýarlowsöwda" edarasy tarapyndan gurnalan “Halka hyzmat” kärhanasynyň kömegi bilen şäheriň 60 nokadynda ýarmarkalar açylypdyr. Olaryň hemmesinde-de plastik petekler bilen söwda edilýär.

Resmi agentligiň habaryna görä, paýtagtyň bazarlarynda açylan bu ýarmarkalarda söwdanyň üznüksiz dowam etmegi üçin respublikanyň dürli welaýatlaryndan esasan et, tüwi we beýleki azyk önümleri getirilýär.

Daşkent şäheriniň Sergeli etrapyndaky daýhan bazarynyň özüni tanyşdyrmak islemedik işgäriniň sözlerine görä, “Halka hyzmat” ýarmarkalaryndaky önümleriň welaýatlardan getiriliş tertibi üýtgemändir: “Gije lomaý bazarda daýhanlaryň özünden önümler arzan bahadan satyn alynýar. Adatça, daýhanlardan alnan bahanyň üstüne 10% goşulyp, öz ýarmarkalarymyzda satylýar. Şonuň üçin 6 sany ştat açyldy. Ştatdaky satyjylar harydy arzan bahadan satýarlar”.

Harytlar geçginli

“Awiasazlar” daýhan bazaryndan alnan maglumata görä, söwda ýarmarkalary ir sagat 8-den agşam sagat 19-a çenli işleýär. Bahalar arzan. Ýarmarkada dürli gök önümler satylýar. Etiň bir kilosynyň bahasy 12 müň sum (7 dollar töweregi) diýlip bellendi. Şol bahadan hem satylýar.

Daýhan bazarlarynyň administrasiýasyndan alnan maglumata görä, “Halka hyzmat” ýarmarkalarynyň ýerli ilat üçin iň oňaýly tarapy – plastik petekler bilen söwda etmek mümkinçiliginiň bolmagydyr. Sergeli daýhan bazarynyň işgäri: “Şonuň üçin biziň harytlarymyz öýläne ýetman, alnyp gutarýar. Häzir bazarymyzy giňeltmegiň üstünde işleýäris” diýip, sözüniň üstüni ýetirýär.

Şeýle ýarmarkalary gurnan “Toşbazartaýýarlowsöwda” edarasyndan alnan maglumata görä, bu ýarmarkalaryň möhleti çäklendirilmedik.

Şu günlerde täze ýyl baýramy üçin Çorsu bazarynda söwda eden we “Halka hyzmat” ýarmarkasynyň hyzmatyndan peýdalanan daşkentli Şöwket Badalow söwda ýarmarkasyndaky bahalar barada şeýle diýdi: “Öz bazarlarymyzda edil ýumurtga ýaly soganyň bahasy 1000 sum (ýarym dollar) bolsa, ýarmarkada ondan uluragy 950 sum. Düýn men öz bazarlarymyzdaky etiň bahasyny-da soradym. Gara malyň etiniň kilosyny 16 müň sum (8 dollar töweregi) diýdiler. “Halka hyzmat” ýarmarkasynda bir kilo etiň bahasy 11 müň sum” (5,5 dollar töweregi).

Daşkentli ýene-de bir ýaşaýjy şäheriň bazarlarynda täze ýylyň öň ýanynda söwda ýarmarkalarynda satylmaýan harytlaryň bahalarynyň ýokarlanandygyny aýtdy. Bular, adatça, täze ýyl saçagyny bezeýän daşary ýurtlardan getirilýän tropik miweler we gyş paslynda Özbegistanda bolmaýan käbir miweler.

Özbegistanyň resmi habarlarynda aýdylmagyna görä, şu ýylyň mart aýynda başlanan “Halka hyzmat” söwda ýarmarkalarynda noýabr aýynyň ahyryna çenli jemi 15 milliard sumluk (6 million dollara golaý) azyk önümleri satylypdyr. Geljekde arzan bahadan satylýan önümleriň söwdasyny giňeltmek planlaşdyrylýar.
XS
SM
MD
LG