Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çawez rak keseliniň ýaýramagyny ABŞ-dan güman edýär


Şu gün Wenesuelanyň prezidenti Hugo Çawez soňky wagtlar Latyn Amerikanyň döwlet liderleriniň birnäçesiniň rak keseli bilen keselländiklerini belläp, bu ýagdaýda Birleşen Ştatlaryň eliniň bar bolmagynyň mümkindigini öňe sürdi.

Argentinanyň prezidenti hanym Kristina Fernandeziň rak keseline ýolugandygy bilen bagly eden çykyşynda ol soňky wagtlar özüniň-de, Braziliýanyň we Paragwaýyň döwlet liderleriniň-de rak keseli bilen keselländiklerini belledi.

Hugo Çawez “bu örän geň ýagdaý we bu ýagdaýda Birleşen Ştatlaryň eli bar bolaýmasyn diýen pikir hem mende döreýär” diýip, nygtady.

Hugo Çaweziň bu çykyşyna Birleşen Ştatlar tarapyndan häzirlikçe hiç hili resmi reaksiýa bolmady.
XS
SM
MD
LG