Sepleriň elýeterliligi

Kim Çen Ir soňky jaýlanyş ýoluna ugradyldy


Şu gün Demirgazyk Koreýanyň ýakynda aradan çykan awtoritar lideri Kim Çen Iri soňky jaýlanyş ýoluna ugradylyş çäresi geçirildi.

Paýtagt Phenýanyň merkezindäki meýdançada gurnalan bu ýas çäresine on müňlerçe harbylar we resmiler birlikde, 100 müň töweregi ýaşaýjy hem gatnaşdy.

Kim Çen Iriň ornuny indi onuň kiçi ogly Kim Çen Un eýelär. Kim Çen Iriň jesediniň ýörite doňdurylan görnüşde, aýna sandygyň içinde saklanjakdygy habar berilýär.

Ol 1994-nji ýylda öz kakasy Kim Ir Seniň aradan çykmagyndan soň, bu ýurda 17 ýyllap liderlik edip geldi we dünýäniň iň bir gazaply hem-de awtoritar liderleriniň biri hökmünde özüni tanatdy.
XS
SM
MD
LG