Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Arap Ligasynyň synçylary ýene üç şähere bararlar


Şu hepdäniň başynda Arap Ligasynyň Siriýa baran synçylary bu ýurduň Homs şäherinden başga-da ýene üç şäherine sapar etmekligi planlaşdyrýarlar.

Olar hepdäniň sişenbe güni öz saparlaryny protestleriň yzygiderli dowam edip gelýän şäheri bolan Homs şäherinden başlapdylar. Bu şäherde soňky günler hökümet güýçleriniň ýarag ulanmaklary netijesinde onlarça adamyň ölendigi habar berildi.

Emma düýn synçylar toparynyň ýolbaşçysy, sudanly general Mustafa al-Dabiniň bu şäherde hiç hili gorkuly ýagdaýyň ýokdugyny aýdyp çykyş etmegi, ýerli aktiwistleriň arasynda uly dawa döretdi. Olar synçylaryň gelmeginiň edil öňisyrasy hökümet güýçleriniň özlerine garşy ok atandyklaryny öňe sürýärler.

Arap Ligasynyň synçylary indi Siriýanyň Deraa, Hama we Idlib şäherlerine-de sapar ederler.
XS
SM
MD
LG