Sepleriň elýeterliligi

Yrak: türk harbylarynyň operasiýasynda 30 adam öldi


Şu gün Yragyň demirgazyk serhet ýakasynda kürt ilatynyň ýaşaýan raýonynda Türkiýäniň howa güýçleriniň geçiren hüjümlerinde azyndan 30 töweregi adam öldi.

Yragyň Sirnak prowinsiýasynyň Uludere şäheriniň meri Fehmi Ýaman bu şäheriň golaýynda geçirilen hüjümden soň 30 sany jesediň tapylandygyny aýtdy.

Mundan daşary, prowinsiýanyň Geňeş agzasy Ertan Eris bu prowinsiýanyň Ortasu obasynda-da azyndan 11 adamyň jesediniň anyklanandygyny mälim etdi.

Yragyň şu demirgazyk regionyndaky Kürdüstan Işçiler partiýasyna degişli söweşijiler Türkiýäniň günorta-gündogar serhet raýonlaryna yzygiderli hüjüm edip gelýärler.
XS
SM
MD
LG