Sepleriň elýeterliligi

“Hronika Turkmenistan” özüne berlen baýrakdan ýüz öwürdi


Çarşenbe güni Ynsan hukuklaryny goraýjy “Türkmen inisiatiwasy” toparyna degişli “Hronika Turkmenistan” internet saýty GDA döwletleriniň Ýaşlar bileleşiginiň Geňeşi tarapyndan özüne berilmeli edilen baýragy almakdan ýüz öwürdi.

Bu barada “Hronika Turkmenistan” saýtynda ýerleşdirilen beýanatda saýtyň redaksiýasy “garaşsyz žurnalistikany ösdürmekde” görkezen işi üçin hormat haty berilmeli edilen şeýle saýtlaryň hatarynda Türkmenistanyň resmi “Altyn asyr” saýtynyň-da bardygyny belleýär.

“Hronika Turkmenistan” saýty Türkmenistanyň resmi internet saýtynyň nädip garaşsyz žurnalistikanyň ösüşine goşant goşýandygynyň belli bolman galýandygyny we bu meseläniň GDA döwletleriniň Ýaşlar bileleşiginiň Geňeşi tarapyndan-da aýdyňlaşdyrylmandygyny nygtaýar.

Şu sebäplere salgylanmak bilen, “Hronika Turkmenistan” saýty özüne berilmeli edilen bu hormat hatyny almakdan ýüz öwürýändigini mälim edipdir.
XS
SM
MD
LG