Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan: Žanaozeniň polisiýa edarasyna garşy iş gozgaldy


Şu gün Gazagystanyň Baş prokuraturasy Žanaozen şäherinde protestçilere garşy ok atmalar bilen baglanyşykly polisiýa edarasyna garşy jenaýat-derňew işiniň ýola goýlandygyny mälim etdi.

Prokuraturanyň resmisi Nurdaulet Suindikow bu derňew işleriniň barşynda polisiýanyň protestçilere garşy ok atmak arkaly, öz ygtyýarlyklarynyň çäginden çykandygy ýa çykmandygy baradaky meseläniň anyklaşdyryljakdygyny aýtdy.

Ýakynda, 16-njy dekabrda Gazagystanyň Žanaozen şäherinde polisiýa güýçleriniň protestçilere garşy ýarag ulanmaklary netijesinde azyndan 15 adam ölüp, 100-den gowrak adam ýaralanypdy.
XS
SM
MD
LG