Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus hem türkmen saýlawlary: meňzeşlikler we tapawutlar


Moskwa, 2011-nji ýylyň 17-nji dekabry.
Moskwa, 2011-nji ýylyň 17-nji dekabry.
Prezident saýlawlary Türkmenistanda 12-nji fewralda, Orsýet Federasiýasynda 4-nji martda geçirilýär. Türkmenistanda şu günler prezidentlige kandidatlary hödürlemek kampaniýasy dowam edýär.

Orsýet Federeasiýasynda Žirinowskini we Zýuganowy resmi kandidatlar hökmünde hasaba almak bilen, kandidat hödürlemek hem resmileşdirmek işi tamamlandy. Iki ýurduň prezident saýlawlarynda nähili tapawutlar we meňzeşlikler bar? Şu temadan Orsýetiň Ylymlar Akademiýasynyň Umumytaryh institutynyň uly ylmy işgäri, professor Artýom Ulunýan bilen gürründeşlik.

Azatlyk Radiosy: Bilşiňiz ýaly, häzir Türkmenistanda prezidentlige dalaşagärleri hödürlemek dowam edýär. Inisiatiwa toparlary ýurduň 30% territoriýasyndan kadidatlar üçin 10 müň gol ýygnap, Türkmenistanyň merkezi saýlaw komissiýasyna tabşyrmaly. Orsýetde prezident saýlawlary Türkmenistandakydan soň geçirilse-de, eýýäm kadidatlar belli. Kandidat hödürlemek, olary resmi hasaba almak Orsýetde nähili amala aşyrylýar?

Artýom Ulunýan
Artýom Ulunýan
Artýom Ulunýan: Orsýet Federasiýasynda kandidat üçin Türkmenistandakydan has köp - iki million saýlawçynyň goluny tutuş ýurduň ähli künjeginden ýygnamak gerek. Dürli etnik toparlardan ybarat Orsýetiň meýdanyny Türkmenistan bilen deňeşdirmegem mümkin däl. Ýöne kandidat hödürlemekde umumylyklar bar. Bu ýerde haýsydyr bir syýasy partiýadan, şol partiýanyň içindäki bäsdeş bolup biljekleriň göreşi netijesinde birini kandidat hödürlemek däl-de, bir toparyň tarapyndan hödürlemek düzgüni barasynda gürrüň barýar. Berdimuhamedow “Galkynyş” hereketiniň, Putin “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasynyň däl-de, köp syýasy akymlary, jemgyýetiň köp gatlagyny öz içine alýan “Halk frontunyň” kandidaty. Türkmenistanyň “Galkynyş” hereketem ýatyrylýança dempartiýadan, ençeme jemgyýetçilik guramadan ybaratdy. Häzir hödürlenýän türkmen kandidatlary, haýsydyr bir syýasy toparalara wekilçilik etmän, elbetde, baş kandidat bilen ylalaşar.

Azatlyk Radiosy: “Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlary hakyndaky” kanuna laýyklykda, saýlawlaryň öňüsyrasyndaky kampaniýada kandidatlaryň alyp barjak propaganda işleri döwlet býujetinden maliýeleşdirilmeli. Bu mesele Orsýet Federasiýasynda nähili?

Artýom Ulunýan: Prinsipde meňzeşlik köp. Iki ýagdaýda-da döwlet hem döwletden daşgary maliýeleşdiriş çeşmeleri, mümkinçilikleri bar. Bir zada üns bermeli: kanunda ýazylan zatlar gaty gowy. Ýöne GDA giňişliginde şol kanunlar aslyýetinde göwün islegi ýaly bir zat bolup, saýlawlar prosesi başgaça bolup çykýar. Açyk aýtsak, saýlawlarda maddy-maliýe resurslaryndan has täsirli, güýçli mümkinçilikler bar. Kandidatyň öňden saýlawça, jemgyýete tanyşlygy. Kimi her gün telewideniýede görkezýän bolsalar, radioda sesini berip, gazetlerde ol barada ýazýan bolsalar – şol kandidatyň täsiri puldan-maldan ýokary bolup, graždanlaryň aglabasy üçin günde görýäni özüne ýakyn bolup çykýar.

Azatlyk Radiosy: Orsýetde prezidentlige W.Putin ilkinji kandidat hökmünde hödürlendi hem resmileşdirildi. Türkmenistanda-da 15-nji dekabrda “Galkynyş” hereketine girýän guramalaryň we dempartiýanyň bilelikdäki maslahatynda Berdimuhamedow kandidatlyga hödürlendi. Putin üçin 2 million, Berdimuhamedow üçin 10 müň saýlawçynyň goly gerek däl. Bu tötänden gabat gelmemi?

Artýom Ulunýan: Şu ýyl, dogrudanam, Putin ilkinji kandidat boldy. Bu ýerde aýratyn bir ýagdaý: Döwlet Dumasyna dekabrda geçirilen saýlawlardan soň, saýlawçylaryň köpüsinde şol saýlawlaryň adalatly bolanlygyna şübhe döredi. Şonuň üçinem ol syýasy aksiýa. Türkmenistanda bolsa kesgitli bir düzgün bar: häkimiýet başyndaky prezident ilkinji kandidat. Şonuň üçinem bu ýerde tötänden gabat gelme bar. Putiniňem, Berdimuhamedowyňam bir partiýadan däl-de, umumymilli hereketden kandidat görkezilmegi, hakykatdan-da, meňşezlik. Sebäbi bu ýerde syýasy sistema, syýasy ösüşe çemeleşmede syýasy bäsdeşlige agalyk praktikasy garşy goýulýar.

Azatlyk Radiosy: Saýlawlar bilen bagly iki ýurtdaky meňzeşlikler we tapawutlar barasynda gürrüň edýäris. Türkmenistanlylaryň köpüsi Orsýetiň telekanallary arkaly häkimiýetlere, Putine garşy geçirilýän mitingleri görýärler, olarda öňe sürülýän şygarlary diňläp otyrlar. Şol wakalar Türkmenistanda geçiriljek saýlawlara täsir ýetirip bilermi?

Artýom Ulunýan: Türkmenistandaky meýiller sosialogik barlaglaryň özboluşly predemeti. Türkmenistanda köpçülikleýin aksiýalar barasynda aýtmak mümkin däl. Ýöne häkimiýetleri alada goýýan pursatlar bar: häzirki prezidente protest hökmünde köpçüligiň saýlawlara gatnaşmazlygy ýa býulletenlere islenmeýän mazmunly bellikleriň edilmegi. Türkmenistanda adamlaryň syýasy aktiwligi, saýlaw höwesi orsýetlileriňkiden düýpli tapawutlanýar.

Ýöne regionda syýasy ýagdaýyň üýtgeýändigini ünsden düşürmek bolmaz. Gazagystan syýasy taýdan durnukly ýurt hasaplanýardy, soňky halk garşylygy munuň beýle däldigini görkezdi. Şonuň üçinem Merkezi Aziýada ýagdaýyň durnuklydygyny hiç kim tassyklap bilmese gerek. Türkmen häkimiýetleriniň bar aladasy – geçiriljek saýwlary kanuny edip görkezmek. Bitaraplyk statusyny häzirki prezident daşarky dünýä bilen gatnaşyklarynda esasy serişde edip ulanýar. Şonuň üçin ÝHHG-niň, beýleki halkara gurluşlaryň saýlawlara gatnaşmagy hem şol saýlawlaryň kanunylygyna olarda sähelçe-de şübhe döretmezlik häkimiýetleriň esasy aladasy.

Azatlyk Radiosy: “Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlary hakyndaky” kanunda saýlawlaryň netijelerini şikaýat etmäge saýlawçylaryň hukugy ykrar edilýär. Eýse, bu meselede Türkmenistanda Orsýetdäki ýaly nägileliklere ýa şikaýatlara garaşyp bolarmy?

Artýom Ulunýan: Belli bir ýagdaýlarda protestler Türkmenistanda başga hili häsiýete eýe bolup biler. Başga bir tarapdan, syýasy oppozisiýa Türkmenistandaky saýlawlara özüniň gatnaşdyrylmandygyny dünýä ýaýar. Üçünjiden, dünýä jemgyýetçiligi GDA giňişligindäki saýlawlara şübhe bilen garaýar. Türkmenistandaky saýlawlara halkara arenasynda köpden bäri saýlawlar däl-de, bir ýolbaşçynyň baýramy hökmünde garaýarlar. Ýöne ýurduň içindäki adamlarda nägilelikler bolmagy mümkin.
XS
SM
MD
LG