Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe howa hüjüminde adaty raýatlaryň ölendigini tassyklady


Türkiýäniň amala aşyran howa hüjüminiň netijesinde heläk bolan 35 adamyň adaty graždan ilatdan bolandygyny ýurduň resmileri tassykladylar.

Häkimiýetdäki partiýanyň metbugat wekili Huseýin Çelik ölenleriň “terrorist” däldigini, ýöne olaryň Yrakdan Türkiýä harytlary kontrabanda arkaly geçirendigini aýtdy.

Mundan öň, türk harby uçarlary ýurduň günorta sebitlerinde terroristdigi gümän edilýän adamlara garşy operasiýa geçiripdi.
XS
SM
MD
LG