Sepleriň elýeterliligi

“U2” şu ýyl iň köp girdeji gazanan saz topary boldy


2011-nji ýylda iň köp pul gazanan saz topary Irlandiýanyň “U2” rok topary boldy. “U2” dünýä boýunça geçiren konsertlerinden 232 million dollar möçberinde pul gazanypdyr.

Maglumata görä, şu ýyl boýunça “U2” toparynyň konsertlerine 2,4 milliona golaý bilet satylypdyr. Biletleriň ortaça bahasy 97 dollar bolupdy.

2011-nji ýylda iň köp pul gazanan ikinji topar Britaniýanyň “Take That” topary boldy. Ol 224 million dollar gazanmagy başardy.

Üçünji ýerde bolsa Amerikanyň “Bon Jowi” rok topary ýerleşdirildi. Ol biletleriň satuwyndan 148 million dollar pul gazanypdyr.
XS
SM
MD
LG