Sepleriň elýeterliligi

Özbegistan rekord derejedäki palawy taýýarlamakçy


Özbegistan Ginnesiň rekordlar kitabyna girmek üçin henize çenli görülmedik mukdardaky palawy taýýarlamaga synanyşar. Bu barada özbek mediasy habar berýär.

Özbegistanyň Aşpezler birleşiginiň metbugat wekili Flora Fahrutdinowanyň sözlerine görä, rekord goýmak üçin 4,7 tonna palaw taýýarlamaly bolar.

Fahrutdinowanyň aýtmagyna görä, muny amala aşyrmak üçin geljekki aýlaryň dowamynda ýurduň ähli künjeklerinden aşpezler çagyrylyp başlanar.
XS
SM
MD
LG