Sepleriň elýeterliligi

logo-print

ÝB-niň gezekli prezidentligi Daniýa geçýär


Daniýa soňky gezek 6 aýlap Ýewropa Bileleşigine prezidentlik edende, 2002-nji ýylyň aýagynda şol wagtky premýer-ministr Anders Fog Rasmussen Bileleşigiň iň uly giňemesine ýol açypdy. Netijede şondan birnäçe ýyl soň, köpüsi Merkezi we Gündogar Ýewropadan bolan 10 döwlet Bileleşige alnypdylar.

Ýewropa Bileleşiginiň gezegine bolunýan prezidentligi 1-nji ýanwarda ýene Daniýa geçýär. Ýöne bu gezek üýtgän zat köp bolmasa gerek. Sebäbi, ilki bilen-ä, prezidentlik indi öňküsi ýaly däl. Sebäbi Bileleşigiň indi öz prezidenti bar. Bu wezipede häzir Herman Wan Rompuý otyr. Galyberse-de, Bileleşigiň Gündogardaky we Balkanlardaky goňşularynyň gözüne ilen zat – bloguň uly ykdysady kynçylyk bilen başagaýlygy bolar.

Brýusselde ýerleşýän Ýewropa syýasaty merkeziniň işgäri Amanda Paul:

—Biz Daniýa ähli zady bolşy ýaly saklar, olar hiç bir zady güýçlendirmez diýip, pikir edýäris. Sebäbi Daniýa Ýewropanyň uly möçberde mundan artyk integrirlenmeginiň tarapdary däl.

2011-nji ýylda bolşy ýaly, ýewro zonasynyň kynçylyklarynyň 2012-nji ýylda hem dowam etmek ähtimallygy gaty ýokary. Öňümizdäki ýaz täze maliýe ylalaşyklary barada berk gepleşikler geçip, iň soňunda maliýe bileleşigine barlyp ýetilmegi mümkin.

Ýewro zonasynda durmaýan Daniýa bu zonadaky 17 döwlet bilen zonada durmaýan 10 döwletiň arasyndaky pikir tapawutlaryny ýeňip geçmegiň kynçylygy bilen ýüzbe-ýüz bolar. 2011-nji ýylyň soňky alty aýynda Bileleşige prezidentlik eden Polşa bir çetde durup, muňa täsir etmegiň aňsat däldigini öz tejribesinde gördi.

2012-nji ýylda gündogar ýewropa ýurtlarynyň aglabasy bilen wiza we erkin söwda ylalaşyklary ýaly meselelerde barýan gepleşikler dowam eder. Ukraina bilen assosiasiýa ylalaşygy barada 2011-nji ýylda gelnen ylalaşygyň hem taýýarlanmagyna garaşylýar.

Ýöne Brýussel bilen Kiýewiň arasynda öňki premýer-ministr Ýulia Timoşenkonyň türmä düşmegi bilen barha guýjän dartgynly ýyldan soň, Ýewropa Bileleşigi Ukrainda geljek güýz parlament saýlawlary geçmezden öň bu dokumente gol çekmese gerek. Dokumentiň 27 agza döwlet tarapyndan ratifisirlenmeginiň hem has uzaga çekmegi mümkin.

Karnegi Ýewropa merkeziniň işgäri Olga Şumylo-Tapiolanyň garaýşyça, Ýewropa Bileleşigi bu zatlary ünsden düşürmez. Ýöne Kiýew hem erkin, adalatly saýlawlar arkaly geljekde Bileleşige tarap hereket etmeli:

—Ýewropa Bileleşigi belli bir wagta çenli sabyrlylyk görkezýär. Ýöne ondan soň başga zatlar ara düşýär, mysal üçin, içki krizisler, arap dünýäsi ýaly tapawutly ýollar bilen özgerýän regionlar. Şol sebäpdenem Ukraina tarapdan üýtgän zat bolmasa, Ýewropa Bileleşiginiň ünsi başga ýerlere sowlar. Ýöne 2012-nji ýylyň güýzüne çenli Ukraina käbir agza döwletleriň we Ýewropa Bileleşiginiň institusiýalarynyň üns merkezinde galar.

Şumylo-Tapiola Belarus barada-da o diýen umytly däl:

—Meniň pikirimçe, Belarus amatly wagt gelip ýetýänça, bir çetde galar. Bu agza döwletleriň köpüsine tüýs gerek zat. Sebäbi olar Lukaşenkonyň häkimiýetden gidip, ýurtda ýagdaýyň düýpgöter we oňaýly üýtgemegine garaşýarlar.
XS
SM
MD
LG