Sepleriň elýeterliligi

Žanaozen: gazak polisiýasynyň çäreleri derňelýär


Prezident Nursoltan Nazarbaýew Žanaozende polisiýanyň işgärlerini diňleýär, 2011-nji ýylyň 22-nji dekabry.

Prezident Nursoltan Nazarbaýew Žanaozende polisiýanyň işgärlerini diňleýär, 2011-nji ýylyň 22-nji dekabry.

Gazagystanyň Baş prokuraturasy Žanaozende 16 protestçiniň ölümine sebäp bolan tolgunyşyklarda polisiýa tarapyndan görlen çäreler barada derňew işlerini ýola goýdy. Prokuroryň edarasynyň sözçüsi Nurdaulat Suindikowyň aýtmagyna görä, derňewden maksat bir polisiýa işgäriniň ýekelikde protetsçileri ýörite nyşana alyp, olara ot açyp-açmandygynyň anygyna ýetmek.

Polisiýa Garaşsyzlyk gününiň bellenmeli güni Žanaozende turan bidüzgünçilikde özüniň duýduryş üçin diňe howa we ýere ok atandygyny aýdýar. Resmi maglumatlarda bu bidüzgünçilikde 16 adam ölüp, 100-den gowrak adamyň ýaralanandygy habar berildi. Ýaralananlaryň 17-si polisiýa işgärleri.

Suidikow derňew bilen baglylykda "anyk atlar" hakda çekişerden entek irdigini, prokurorlaryň sud tarapyndan geçirilýän synaglara garaşýandyklaryny aýtdy. Onuň bildirmegine görä, haýsy kysym ýaragdan atylandygyny kesgitlemek üçin oklar-da barlanýar.

Internetde peýda bolan bir wideoýazgysynda bu bidüzgünçilikde polisiýa protestçilere ot açyp, ýaralananlary urup, kowalaýan ýaly bolup görünýär. Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugy üstümizdäki hepde polisiýanyň bu wideoýazgynyň haýsy adresden “YouTube” saýtyna ýollanandygyny tapandygyny habar berdi.

Habar gullugy “Interfaks” hem 28-nji dekabrda Žanaozen şäheriniň prokurorynyň soraga çekmek üçin ýerli webportaly "Stanyň" žurnalistlerini öz edarasyna çagyrandygyny bildirdi.

Gazak resmileri bidüzgünçilikleriň dowamynda polisiýanyň ot açýan ýaragdan peýdalanandygyny ilkinji gezek boýun alsalar-da, Baş prokuratura adamlaryň öldürilmeginde polisiýa işgärleri hökmany suratda jogapkär diýen pikirden ugur alanok. Suindikow bu meselede şeýle diýdi:

—Ozal hem bellenilişi ýaly, käbir adamlaryň ölümi tertip-düzgüni goraýan güýçleriň gören çäreleri bilen baglanyşykly däl. Mysal üçin, pida çekenleriň biriniň kakasy öz oglunyň studentleri baýramçylyga äkideni üçin huliganlar tarapyndan öldürilendigini aýdýar.

29-njy dekabrda hem häkimiýetler Baş prokuroryň derňewlerine degişilikde oppozision aktiwistlerden ençeme adamyň tutulandygyny aýtdylar.

Žanaozen we Mangistau oblastynyň beýleki ýerlerinden bolan garyp nebitçiler maý aýyndan bäri parahatçylykly protest geçirip, oňat aýlyk hakyny we iş şertleriniň gowulanmagyny talap edýärler. Öten hepde bu regiona sapar eden prezident Nursoltan Nazarbaýew energiýa işgärlerini we ýerli hökümeti protest geçirýän nebitçileriň talaplaryna jogap bermänlikde aýplady.

Žanaozende tertip-düzgüni dikeltmek üçin hökümet tarapyndan döredilen operatiw toparyň başlygy Umirzak Şukeýew 28 dekabrda ozal girizilen 20 günlük adatdan daşary ýagdaýyň uzaldyljakdygyny mälim etdi. Umirzak Şukeýew bu çäräniň haçana çenli dowam etjekdigini aýdanok.
XS
SM
MD
LG