Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzlar bilen täjikleriň arasynda çaknyşyk boldy


Anna güni Gyrgyzystanyň günorta regionynda, Täjigistan bilen serhede golaý ýerde ýüzlerçe gyrgyzlar bilen täjikleriň arasynda çaknyşygyň bolandygy barada maglumat alyndy.

Gyrgyzystanyň Batken oblastynyň Andarak obasynda ýüz beren bu etniki çaknyşyga nämäniň sebäp bolandygy barada anyk maglumat alynmady.

Ýöne AKI-Press habar agentligi bu çaknyşyklaryň ýerli orta mekdebiň ýokary klas okuwçylarynyň arasynda başlap, onuň soňra has uly gerime eýe bolandygyny habar berýär.

Maglumata görä, çaknyşyklaryň barşynda birnäçe ýaşaýyş jaýlary hem ýakylypdyr. Ýöne adam ýitgileriniň bolandygy ýa bolmandygy barada häzirlikçe anyk maglumat ýok.
XS
SM
MD
LG