Sepleriň elýeterliligi

Erdogan kürt ýaşaýjylarynyň ölümine gynanjyny bildirdi


Anna güni Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýip Erdogan ýurduň Yrak bilen serhet ýakasynda penşenbe güni geçirilen howa hüjüminde 35 sany ýerli kürt ýaşaýjysynyň ölmegine özüniň gynanjyny bildirdi.

Özüniň bu baradaky çykyşynda ol bu öldürilen adamlaryň ýaragly söweşijiler däl-de, serhetden bikanun geçen parahat ýaşaýjylardygyny aýtdy. Ol bu bolan gynançly ýalňyşlykda ýitgi çeken maşgalalara özüniň çuňňur gynanjyny bildirýändigini nygtady.

Penşenbe güni Türkiýäniň harby uçarlary ýurduň günorta-gündogar serhet ýakasynda Kürdüstan işçiler partiýasynyň söweşijileridir diýlip çaklanylýan adamlara garşy howa hüjümlerini geçirende, şu gürrüňi edilýän waka ýüze çykypdy.
XS
SM
MD
LG