Sepleriň elýeterliligi

Kim Çen Un Demirgazyk Koreýanyň goşun ýolbaşçysy bellendi


Şu gün Demirgazyk Koreýa ýakynda aradan çykan ýurduň awtoritar lideri Kim Çen Irin kiçi ogly Kim Çen Unuň Demirgazyk Koreýanyň harby güýçleriniň Baş komanduýuşisi wezipesine resmi ýagdaýda eýe bolandygyny yglan etdi.

Demirgazyk Koreýanyň döwlet habar agentliginiň bu baradaky maglumatynda Kim Çen Una bu wezipäni ynanmak baradaky kararyň anna güni Koreýa Işçiler partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy Býurosynyň maslahatynda gelnendigi aýdylýar.

Demirgazyk Koreýanyň awtoritar lideri Kim Çen Irin 17-nji dekabrda aradan çykaly bäri onuň kiçi ogly Kim Çen Un resmi däl ýagdaýda bu ýurduň baş lideri hökmünde mahabatlandyrylyp başlandy.
XS
SM
MD
LG