Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýanyň esasy oppozisiýa toparlary ylalaşyk baglaşdylar


Anna güni Siriýanyň iki sany esasy oppozision guramasy Siriýada demokratik prosesler arkaly prezident Başar al-Assadyň režimini häkimiýetden çetleşdirmek barada ýörite ylalaşyga gol çekdi.

Müsüriň paýtagty Kairde geçirilen bu gol çekişlik çäresine Siriýanyň oppozision Milli Geňeşiniň hem-de Siriýadaky demokratik özgerişlikler baradaky Milli Koordinasion Geňeşiň agzalary gatnaşdylar.

Siriýada hökümete garşy halk çykyşlary indi on aýa golaý wagt bäri dowam edip gelýär. Birleşen Milletler Guramasy şu döwrüň içinde Siriýada hökümet güýçleriniň ýarag ulanmaklary netijesinde 5 müňden gowrak adamyň ölendigini aýdýar.

Şu günler Arap Ligasynyň ýörite wekilleri Siriýanyň dürli şäherlerine sapar edip, ýurduň režiminiň parahatçylyk baradaky boýun alan borçnamalaryna eýeriş ýagdaýyna syn edýärler.
XS
SM
MD
LG