Sepleriň elýeterliligi

Ýyl boýunça žurnalistleriň ölümi barada hasabat ýaýradyldy


Şu gün Žurnalistleriň Halkara Federasiýasy 2011-nji ýylyň dowamynda ölen žurnalistleriň sanawy bilen baglanyşykly maglumat ýaýratdy.

Bu maglumatda şu geçip barýan 2011-nji ýylyň dowamynda jemi 106 žurnalistiň öldürilendigi we bu sanyň geçen ýylkydan hem köpdügi aýdylýar. Geçen ýyl bu san 94-e deň bolupdyr.

Guramanyň bellemegine görä, bu meselede Pakistan, Yrak we Meksiko iň ýaramaz gçrkezijileri görkezipdir, ýagny, bu ýurtlaryň her birinde ýylyň dowamynda 11 žurnalist öldürilipdir.

Özüniň bu baradaky beýanatynda Žurnalistleriň Halkara Federasiýasy BMG-niň Baş sekretaryna ýüzlenip, žurnalistleriň howpsuzlygyny goramak ugrundaky tagallalary güýçlendirmeklige çagyryş edipdir.
XS
SM
MD
LG