Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Eýran bilen şertsiz gepleşiklere taýýardygyny aýdýar


Şu gün Ýewropa Bileleşigi Eýranyň hiç hili şert goýmazdan gepleşik geçirmek islän halatynda, özüniň şeýle gepleşiklere başlap biljekdigini mälim etdi.

Bu barada şu gün Bileleşigiň daşary gatnaşyklar boýunça bölüminiň metbugat sekretary Maýkl Mann “Roýter” habar agentligine beren interwýusynda belledi.

Bu wakanyň öňýany Eýranyň habar agentligi bu ýurduň ýadro meseleleri boýunça araçyl wekili Saed Jaliliniň Tähranyň ýadro meselelesi boýunça ösen döwletler bilen gepleşiklere başlamak teklibi bilen Ýewropa Bileleşigine ýüz tutmakçydygy barada maglumat ýaýratdy.

Eýranyň ýadro programmasy baradaky gepleşikler Eýran bilen Günbatr ýurtlaryň arasyndaky oňşuksyzlyklar sebäpli togdalypdy.
XS
SM
MD
LG