Sepleriň elýeterliligi

Halkyň mertebesi – ýurduň mertebesi


Ak Welsapar

Ak Welsapar

Täze ýylyň bosagasynda gazanylan üstünlikleri ýatlamak ýakymly. Garaşsyzlygyň 20 ýylynda Türkmenistanda ozal 70 ýylda gurulmadyk jaýlar, desgalar guruldy. Ilatyň takmynan üçden biri entek garyplyk şertlerinde ýaşasa-da, umuman, adamlar soňky döwürde azda-kände gurplandylar. Daşary syýasatda-da Türkmenistan döwlet hökmünde öz bähbitlerini goramakda käbir üstünlikleri gazandy. Ýöne häzirlikçe bu üstünlikler diňe ykdysady we söwda sferasyna, esasanam tebigy gazyň eksportyna degişli.

Elbetde, islendik häkimiýetiň içerki syýasatda gazanyp biljek iň uly üstünligi – halkyň ynamydyr. Sebäbi halk bilen häkimiýetiň arasynda özara ynam näçe güýçli bolsa, döwlet şonça-da berk bolýar. Bu ynam adamlarda döwletlilik düşunjesini döredýär hem berkidýär. Bu düşünje bolsa ilat köpçüligine-de, häkimiýet gatlaklaryna-da deň degişli. Sebäbi döwletlilik düşünjesi ýok emeldarlardan düzülen häkimiýet diýdimzorluga, parahorluga, korrupsiýa ýüz urup, çüýremek bilen bolýar.

Döwletiň berkararlygy halkyň oňa bolan gatnaşygyna bagly. Halk döwleti dolandyrmaga gatnaşsa, özüni döwlete ýakyn duýýar. Adamlar özlerini öz döwletine näçe ýakyn duýsa-da, ýurduň binýady şonça-da berkdir. Bu-da demokratik saýlawlar, söz we metbugat azatlygy arkaly gazanylýar. Ilatda hak-hukuk bolmasa, halk bilen häkimiýetiň arasynda ullakan boşluk emele gelýär. Ol boşlugy ýaranjaňlara prezidenti öwdürip, dolduryp bolanok.

Başgaça aýdanyňda, döwletlilik düşünjesi adamlaryň öz ýurduna, watanyna söýgüsidir, ertirki güne ynamydyr. Bu düşünjäni, söýgini adamlarda buýruk ýa perman bilen döredibem, ösdüribem bolanok. Bu erkin adamlaryň öz dogduk topragyna, döwletine gatnaşygy, öz hak-hukuklarynyň goralyşyna goýýan bahasy.

Gynansagam, Türkmenistanda 2011-nji ýylda-da halk bilen hökümetiň arasy ýakynlaşmady. Sebäbi bu ugurda zerur işler edilmedi. Prezident G.Berdimuhamedowyň 2007-nji ýylda döwlet başyna gelende beren wadalary boş wada bolup çykdy. Ýurtda ne köppartiýalylyk, ne söz, metbugat azatlygy, ne-de demokratik saýlawlar girizildi. Iň bärkisi internet hyzmaty-da köpçülige ýetdirenok, halkara synçylarynyň bahasyna görä, Türkmenistanda ilatyň diňe 1% töweregi internetden peýdalanyp bilýär. Ýalňyşmasam, bu dünýädäki iň pes görkezijidir!

Şol bir wagtyň özünde-de ýurtda gara sanawlar saklanyp galýar, adamlar ala tutulýar: kim häkimiýete ýaranjaňlasa, wezipe, baýrak berilýär, ynsaply, mertebeli adamlar-da ýekirilýär. Tomus Abadanda bolan tragediýa halk bilen häkimiýetiň arasynda ullakan boşlugyň bardygyny görkezdi. Täze ýylda bu kemçilikler düzedilse, gowy bolardy.

Men geljek täze 2012-nji ýylda Türkmenistanyň halkyna saglyk, bagt, döwletiň hem adamlaryň mertebesini ýokary göterjek – hakyky prezident saýlawlaryny hem munuň üçin zerur bolan söz, metbugat azatlygyny arzuw edýärin. Sebäbi halkyň mertebesi – ýurduň döwletiň mertebesidir.

Ak Welsapar Şwesiýada ýaşaýan türkmen ýazyjysy. Blogda beýan edilen pikirler we garaýyşlar awtoryň özünde degişli.
XS
SM
MD
LG