Sepleriň elýeterliligi

Eýran özüne garşy täze ykdysady gadaganlyklary ret edýär


Ýekşenbe güni Eýran Birleşen Ştatlaryň Tährana garşy täze ykdysady gadagançylyklary girizmek kararyny ret etdi.

Eýranyň söwda palatasynyň başlygy Muhammed Nahawandiýanyň ABŞ-nyň karary “peýdasyz we adalatsyz” diýendigini ýerli metbugat ýazdy.

31-nji dekabrda prezident Barak Obama Tährana garşy täze gadagançylyklary hem öz içine alýan kanuna gol goýdy. Şoňa görä, Eýranyň Merkezi banky bilen işleşýän daşary ýurt kompaniýalary Amerikanyň maliýe ulgamyndan çykarylýar.
XS
SM
MD
LG