Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde eneler üçin berilýän kapitalyň möçberi artýar


Orsýetde eneler üçin berilýän kapitalyň möçberi şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan 21 müň rubl köpeldilýär. Ol 387 müň rubla deň bolar.

Orsýetiň “Ria Nowosti” habar gullugynyň maglumatyna görä, geçen ýyl 366 müň rubla deň bolan bu puly 3 milliondan gowrak orsýetli maşgala alypdyr.

Eneler üçin berilýän kapitaly ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak, çagalaryň okuwy we enäniň pensiýasynyň bir bölegini ýygnamak üçin harçlamaga rugsat edilýär.
XS
SM
MD
LG