Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür jemgyýetçilik guramalaryna basyş etmeýändigini aýdýar


Müsüriň hökümeti jemgyýetçilik guramalarynyň 17 sanysynyň jaýynda reýd geçirmek bilen olaryň sesini sem etmäge synanyşdy diýlen aýyplamany ýurduň häkimiýetleri inkär etdi.

Hökümete degişli bolmadyk şol guramalar ýurdy dolandyrýan Ýokary harby geňeşi tankytlaýarlar.

Ýekşenbe güni Kairde geçirilen metbugat konferensiýasynda Müsüriň adalat ministri Adel Abdallanyň aýtmagyna görä, şol reýdler hökümete degişli bolmadyk guramalaryň maliýe çeşmelerini barlamak üçin geçirilipdir.

Geçen hepdede ABŞ Müsüriň häkimiýetlerini oppozisiýa toparlaryna garşy basyşlaryny bes etmäge çagyrdy.

Ýekşenbe güni Müsüriň Ýokary harby geňeşi parlament saýlawlarynyň tamamlanýan möhletini 12-nji martdan 22-nji fewrala geçirdi.

Ýokary harby geňeş parlamentiň ilkinji mejlisiniň 28-nji fewralda boljakdygyny yglan etdi.
XS
SM
MD
LG