Sepleriň elýeterliligi

Täjigistanda Aýazbabany pyçaklanlar tussag edildi


Täjigistanda Täze ýyl gijesi Aýazbabanyň lybasyny geýnen adamy pyçaklap öldürmekde aýyplanyp, üç adam tussag edildi.

24 ýaşly ykdysatçy Parwiz Dawlatbekowyň maşgala agzalarynyň sözlerine görä, ol Täze ýyl agşamy Aýazbabanyň lybasyny geýnip, bir oturylyşyga gidipdir. Ol yzyna dolanyp gelýärkä, öňünden ýaş adamlaryň topary çykýar.

Içeri işler ministrligiň metbugat wekili Mahmadullo Asadulloýewiň maglumatyna görä, olar “hiç hili sebäp bolmazdan” Dawlatbekowy pyçaklapdyrlar. Dawletbekow ýaralary sebäpli keselhanada ýogalýar.

Resmi maglumata görä, tussag edilenleriň üçüsi hem 20 ýaşlaryndaky studentler.
XS
SM
MD
LG