Sepleriň elýeterliligi

G. Koreýa demirgazyk üçin “gapynyň açykdygyny” aýdýar


Günorta Koreýanyň prezidenti Li Myuň-Bak Demirgazyk Koreýa bilen özara gatnaşyklary gowulandyrmak mümkinçiliginiň bardygyna ynanýandygyny aýtdy.

Li özüniň täze ýyl gutlagynda Koreý ýarym adasynda parahatçylygy we durnuklylygy ornaşdyrmak üçin “gapynyň açykdygyny” hem belläp geçdi:

— Eger-de Demirgazyk Koreýa arassa päli-niýeti bilen çemeleşse, onda biz bilelikde Koreý ýarym adasynda täze bir döwre gadam basyp bilerdik. Biz öz aramyzdaky bar bolan ynamsyzlyklary gepleşikleriň üsti bilen aýyrmalydyrys. Şeýle-de biz bilelikde özara ylalaşyga we özgerişe tarap ymtylmalydyrys.

Mundan öň, Demirgazyk Koreýanyň resmi mediasy Günorta Koreýanyň prezidentini “ähli koreýleriň dönügi” we “Amerikanyň elindäki güjük” diýip atlandyrdy.
XS
SM
MD
LG