Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýda musulmanlar bilen polisiýa çaknyşdy


Hytaýyň demirgazygynda resmiler bir metjidi ýykanlarynda musulmanlar bilen polisiýanyň arasynda uly çaknyşygyň dörändigi habar berilýär. Bu waka 30-njy dekabrda Ningksia regionunyň Neksi şäherinde ýüz beripdir.

Maglumata görä, şonda ýüzlerçe musulman bir müň töweregi polisiýa bilen çaknyşyga girip, metjidiň ýykylmagynyň öňüni almaga synanyşypdyrlar. Resmiler şol metjidi “bikanun dini ýer” diýip yglan edipdirler.

Düýbi Goň-Koňda ýerleşýän Adam hukuklary we demokratiýa boýunça maglumat merkeziniň aýtmagyna görä, wakada 50 töweregi adam ýaralanypdyr we ýüze golaý adam tussag edilipdir.

Çaknyşyk gutarandan soň, polisiýa metjidi dolulygyna ýykypdyr.
XS
SM
MD
LG