Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: gynalan Sahar Gül Hindistanda bejergi alar


Owganystanda ençeme aýlaryň dowamynda öz adamsy we onuň garyndaşlary tarapyndan gynamalara sezewar edilen 15 ýaşly Sahar Gül bejergi almak üçin Hindistana gider. Bu barada Owgansytanyň içeri işler ministriniň metbugat wekili Sedik Sediki maglumat berýär.

Prezident Hamid Karzaý Sahar Güli alty aýlap bikanun saklan we gynan adamlaryň tussag ediljekdigini aýtdy.

Owganystanyň demirgazyk-gündogaryndaky Baglan welaýatynyň polisiýa işgäriniň sözlerine görä, Sahar Gülüň gaýyn tarapy ony alty aýlap ýerzeminde saklapdyr. Şeýle-de olar Sahar Gülüň saçlaryny ýolupdyrlar we barmaklaryny döwüpdirler.
XS
SM
MD
LG