Sepleriň elýeterliligi

Pakistandaky partlamada dört esger heläk boldy


Pakistanda harbylary daşaýan ulag partladylanda dört esger öldi.

“Roýter” habar agentlginiň maglumatyna görä, partlama ýurduň günorta-günbataryndaky Baluçistan welaýatynyň Dera Bugti şäherinde amala aşyrylypdyr.

Bu partlamanyň jogapkärçiligini häzirlikçe him kim öz üstüne almady.

Baluçistan welaýatynda hem buluç separatistleriniň, hem-de “Talyban” söweşijileriniň has ýaýbaň hereket edýändigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG