Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen jemgyýetini içinden iýjek bela


28-nji iýulda türkmen telewideniýesinde parahor bank işgärleriniň kazyýet öňünde jogap berip duran pursady tomaşaçylara görkezildi.
28-nji iýulda türkmen telewideniýesinde parahor bank işgärleriniň kazyýet öňünde jogap berip duran pursady tomaşaçylara görkezildi.
Parahorluk, korrupsiýa dünýäniň köp döwletlerinde bar. Käbir döwletlerde ol bela bilniksiz bolup, jemgyýete öz täsirini o diýen ýetirmeýär. Beýleki döwletlerde bolsa para-peşgeşsiz bir mesele-de çözülmeýär, bir ädimem ädilmeýär. Korrupsiýanyň ösen ýurtlarynda jemgyýetiň ösüşinde öňegidişlik duýulmaýar.

Eýse, bu ýagdaý Türkmenistanda nähili?

Korrupsiýa bilen bagly meseleleri içgin öwrenýän “Transparency International” halkara guramasynyň 2010-njy ýylda taýýarlan maglumatynda Türkmenistan Orta Aziýada-da, postsowet giňişliginde-de has korrumpirlenen döwletleriň sanawyn girizilipdir. Ol 178 döwletiň arasynda 172-nji orny eýeleýär.

Korrupsiýanyň möçberiniň artmagynyň döwletiň ykdysady we sosial esaslaryna howp salýandygyna garamazdan, häkimiýetler bu howply hadysaň giňden ýaýranlygyny boýun alanoklar. Olar hatda “korrupsiýa” sözüni hem ulanmakdan howatyrlanyp, para almak ýa-da para bermek bilen bagly korrupsion wakalary “kemçilikler” diýip atlandyrmaga ýykgyn edýärler.

Bir ýylda “birje waka”

Resmi habar çeşmeleriniň beren maglumatyna ser salsaň, onda tamamlanan 2011-nji ýylda Türkmenistanda parahorluk bilen bagly bary-ýogy birje waka ýüze çykypdyr. Ol waka barada ýurduň Ministrler Kabinetiniň 8-nji iýulynda geçirilen giňişleýin maslahatynda aýdyldy. Şonda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “gurluşygy maliýeleşdirmek” bahanasy bilen telekeçilerden para alan bank işgärleriniň bir toparynyň ele salnandygy barada habar beripdi.

Ýigrimi günden soň, ýagny 28-nji iýulda türkmen telewideniýesinde parahor bank işgärleriniň kazyýet öňünde kellelerini ýalaňaçlap, jogap berip duran pursady tomaşaçylara görkezildi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň hökumet başyna gelenine ýakyn gunlerde laýyk 5 ýyl dolýar. Geçen şol döwrüň içinde-de korrupsiýa garşy alnyp barylýan göreşde-de, para alýan döwlet emeldarlaryny paş etmekde-de göze görnerlik iş edilmedi. Synçylaryň belleýşine görä, Berdimuhamedowyň “Täze galkynyşy” döwründe Sapamyrat Nyýazowyň “Altyn asyr” diýip atlandyrylan döwründäkisi bilen deňeşdireniňde, parahorluk has hem möwjäpdir. Şol bir wagtyň özünde-de bu ýaramaz hadysa ýerli habar serişdelerinde soňky bäş ýylda az agzalypdyr.

Tutulan bank işgärleri baradaky habar soňky 5 ýylyň dowamynda Türkmenistanda ele salnan parahorlar barada ikinji resmi habar bolupdyr. Birinji habar 2009-njy ýylyň iýul aýynda Döwletmämmet Azady adyndaky Dünýä dilleri milli institutynyň rektorynyň, Gündogar dilleri fakultetiniň dekanynyň we bir mugallymynyň okuwa girjeklerden uly möçberde para almagy bilen bagly berlipdi.

Giň gerim alýar

Parahorluk barada köp halatlarda dymylsa-da, bu bela Türkmenistanda giň gerim alýar. Ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, islendik döwlet edarasynda, goý, ol çagalar bagy, mekdep, hassahana ýa-da salgyt gullugy, polisiýa bölümi, kazyýetdir häkimlik bolsun – tapawudy ýok, pul bermeseň, seniň işiň bitenok.

Tirkiş atly bir aşgabatly taksiçi özüniň hakyky maýyp agasynyň lukmançylyk-zähmet ekspert toparynyň (WTEK) başlygyna her ýyl 200 amerikan dollaryny berip, özüniň maýyplygyny tassyklaýan kepillik resminamany alýandygyny zeýrenip gürrüň berse, Haýytguly atly boldumsazly kärendeçi gowy hilli dökün aljak bolanda, ýerlerini öz wagtynda sürdürjek, ekilen gowaçalara külte basdyrjak bolanda para bermeli bolýandygyny aýdýar. Haýytgulynyň sözlerine görä, brigadire, suwça, dökünça, traktorça, daýhan birleşiginiň başlygyna bermeli hakyny bermedik daýhanyň ekin meýdanyndaky işi mydama bökdelýär, asla ýöremeýär.

Soňky döwürlerde täze doglan çagalaryň sany artyp başlady. Bu bolsa obalarda we etrap merkezlerinde bar bolan çagalar baglarynda, bilim bölümlerinde parahorlugyň köpelmegine getirdi. Ene-atalar öz perzentlerini çagalar bagyna ýerleşdirmek üçin çagalar baglarynyň müdirlerine, arada durýan dellallara 200-400 manat para bermeli bolýarlar.

Ýene başga bir mysal. Daşogzuň bir orta mekdebiniň rus dilinde okadylýan ýeke-täk klasynda çagasyny okatjak bolýanlar mekdebiň direktoryna 700-1000 dollar aralygynda para bermelidigini aýdýarlar. Bir edara garawul bolup işe durjak bolsaňam, döwlet kepillendiriş edarasyndan zerur kepilnamany çaltrak aljak bolsaňam, polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynda ulagyňy hasaba goýjak ýa-da hasapdan cykarjak bolsaňam, gymmatly wagtyňy biderek ýitirmejek bolsaň, parasyz bolanok.

Aýtmaklaryna görä, soňky wagtlarda günäsi geçilip, tussaglykdan boşadylýanlaryň sanawyna goşulýanlaryň arasynda-da para berenler az bolmandyr.

Belaň körügi nämede?

Halkara syýasy ekspertiza institutynyň (HSEI) 2011-nji ýylyň mart-aprel aýlarynda geçiren barlaglaryna gatnaşan hünärmenleriň aýtmagyna görä, korrupsiýa Türkmenistanda milli medeniýetiň aýrylmaz bölegine öwrülipdir. Ekspertleriň pikiriçe, döwleti dolandyrmagyň býurokratik ulgamynyň özi adamlary her hili ýagdaýda para bermäge we para almaga mejbur edýär, çakdanaşa korrumpirlenen hem-de çişirilen döwlet apparaty bolsa häkimiýetdäki bar bolan tireparazlyk bilen bilelikde parahorlugyň örüsini has hem giňeldýär.

Öňki prezident Saparmyrat Nyýazow özüniň çykyşlarynyň birinde: “Ýokarda oturanlar para almasalar, aşakdakylaram öz ýerinde para almazlar” diýipdi. Häzirki döwürde parany hemme ulgamlarda-da, guramalarda-da, edaralarda-da, ýokardakylaram, aşakdakylaram – edil gözüňi oýup! – alýarlar. Bu ugurda dürli derejedäki döwlet emeldarlary: bank, prokuratura, kazyýet, polisiýa, döwlet howpsuzlyk, salgyt, migrasiýa, gümrük, arassaçylyk we keselleriň öňüni alyş we beýleki köp sanly döwlet guramalarynyň işgärleri birinjiligi elde saklaýarlar!

Jemgyýet gözegçiligi we aýanlyk gerek!

Türkmenistanda para alynýanlygyny ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli hemme kişi bilýär! Ýöne adamlar bu barada dil ýarmakdan saklanýarlar. Jemgyýetdäki höküm sürýän gorky olary dilsiz-agyzsyz goýdy. Sebäbi soňky 20 ýylda kemçilikler, edilýän jenaýatlar barada aýtjaklaryň agzyna urlup gelindi.

Aşgabatly ýurist Perhadyň pikiriçe, ilat köpçüligi gorkudan saplanmasa, adamlar “aga – ak, gara – gara” diýmäni başarmasalar, korrupsiýa ýaly ýowuz belany hiç mahalam ýeňip bolmaz.

Türkmenistanlylaryň belli bir bölegi korrupsiýa garşy işleýän ýörite gulluk döredilmeginiň tarapdary. Olar şeýle gulluga eli arassa işgärler alnan halatynda parahorlugyň soňuna çykyljakdygyna ynanýarlar. Emma beýle pikirlileriň garşydaşlary her bir täze döredilen döwlet gözegçilik gullugynyň soňy bilen özüniň hem korrupsiýa batjakdygyny duýdurýarlar.

Opponentleriň pikiriçe, dine sagdyn raýat jemgyýeti we garaşsyz metbugat tarapyndan gözegçilik ýola goýulsa we aýanlyk üpjün edilse, Türkmenistanda-da, beýleki parahorlugyň ösen döwletlerinde-de korrupsiýanyň soňuna sogan ekiler.

Şatlyk Öwezow türkmenistanly synçynyň edebi lakamy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG