Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek metbugatyna salgyt ýeňilligi berilýär


Özbegistanyň prezidenti Islam Karimow köpçülikleýin habar serişdelerine salgyt ýeňilliklerini berýän permana gol çekdi. Şoňa laýyklykda, ýurduň ähli habar serişdeleri we neşirýatlary 5 ýyla çenli girdeji salgydyndan boşadylýarlar.

Bu permanyň maksady metbugatyň garaşsyzlygyny üpjün etmekden ybaratdygy aýdylýar. Emma ýerli žurnalistler beýle perman bilen metbugatyň garaşsyzlygyny üpjün edip bolmajakdygyny öňe sürýärler. Özbegistanly žurnalist Abdurahman Taşanowyň pikirine görä, gaýta munuň özbek metbugatynyň hökümete tabynlygyny has güýçlendirmegi mümkin:

—Özbegistanda salgyt ýeňillikleriniň berilmegi maliýe tarapdan gowy. Emma demokratik garaýyşdan seretsek, bu erbet. Özbegistanda metbugat köplenç karzlaryň we berilýän maliýe goldawlarynyň hasabyna gün görýär. Sebäbi özbek metbugatynyň okyjysy ýok, auditoriýasy ýok. Iň uly sosial, syýasy gazetleriň tiražy 10-15 müňden köp däl. Munuň bolsa diňe gazetiň özüne düşýän bahasyny ödemegi mümkin. Şeýlelikde döwlete tabynlyk metbugatda örän ýokary. Eger-de hökümet bu problemany metbugaty salgytlardan azat etmek bilen çözmäge synanyşýan bolsa, bu metbugatyň garaşsyzlygyna we söz azatlygynyň ösüşine ýaramaz täsir eder.

Häzire çenli halkara metbugat guramalary Özbegistany söz azatlygynyň ýagdaýy boýunça “iň ýaramaz” döwletleriň hataryna goşup gelýärler.

Özbegistan Pariždäki “Serhetsiz repartýorlar” guramasynyň 2011-nji ýyldaky “Internetiň duşmanlary” atly sanawyna hem girizildi. Şeýle-de bu gurama 10 çemesi žurnalistiň ýurduň dürli türmelerinde saklanýandygyny ýazdy.

Özbegistanyň hökümeti bolsa ýurtda metbugatyň üstünden senzuranyň ýolbaşçylygy baradaky aýyplamalary mydama ret edýär. Sebabi Özbegistanda Metbugatda dowlet syrlaryny goramak baradaky resmi komitet ýok. Onuň wezipesini her neşiriň öz ýolbaşçysy ýerine ýetirýär.
XS
SM
MD
LG