Sepleriň elýeterliligi

Emeli derýa idege mätäç


Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 15 ýyllygyna, ýagny 2006-njy ýylda ulanylmaga berlen bu emeli derýa 11 kilometre golaý uzap gidýär.

Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 15 ýyllygyna, ýagny 2006-njy ýylda ulanylmaga berlen bu emeli derýa 11 kilometre golaý uzap gidýär.

Berdi aga Aşgabatdaky emeli derýanyň ýanyndaky dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň birinde ýaşaýar. Ol tomus aýlary bu emeli derýanyň kenarynda öz agtyklary bilen gezelenç etmegi gowy görýär. “Tomsuna adamlar bu derýanyň boýuna gezelenç etmäge çykýarlar. Ýöne gyşyna adam o diýen köp däl” diýip, Berdi aga gürrüň berýär.

Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 15 ýyllygyna, ýagny 2006-njy ýylda ulanylmaga berlen bu emeli derýa 11 kilometre golaý uzap gidýär. Aşgabady gündogardan günbatara tarap bölüp geçýän bu derýanyň kenarlarynda milli nagyşlar bilen bezelen boýy 1 metrlik sement we granit parapetler gurlan.

Derýanyň bir kenaryndan beýleki kenaryna 10-dan gowrak köprüler geçirilipdir. Olarda dürli görnüşdäki heýkeller goýlupdyr. Derýanyň kenarynda çagalaryň oýnamagy üçin ýörite meýdançalar gurlupdyr. Derýanyň boýunda gezelenç üçin ýodajyklar gurlup, dürli görnüşli baglar ekilipdir. Ekilen baglaryň arasynda arça has köp.



Göräýmäge, bu ýer Aşgabadyň iň bir gözel ýeri bolmaly. Köprülerden awtoulagly geçip barýarkaň bu şeýle ýaly bolup hem görünýär. Emma emeli derýanyň kenaryndaky ýodajyklardan pyýada ýöreseň, onuň ýagdaýynyň o diýen öwerlikli däldigine göz ýetirýärsiň.

Emeli derýanyň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly bilen Andalyp köçesi aralygyndaky böleginiň ýagdaýynyň has-da gözgynydygyny Aşgabadyň Parahat-1 mikroraýonynyň ýaşaýjysy 34 ýaşly Allamyrat aýdýar:

—Derýanyň kenarynda döredilen ýaşyl zolagyň ep-esli ýeri saralyp, öz reňkini ýitiripdir. Ekilen arçalaryň köpüsi saralypdyr. Goparylan arçalar-da bar. Olaryň ýerleri oýulyp ýatyr. Derýanyň kenaryndaky çyralaryň käbirleri döwülipdir. Käbirleriniň asla lampalary ýok. Derýanyň kenaryndaky çagalar meýdançasynyň ýagdaýy hem öwerlik däl. Hiňňilikler, typançaklar döwülipdir. Emeli derýanyň kenaryndaky oturgyçlaryň hem köpüsi bolmaly ýerlerinde ýok.

Emeli derýa suwuny şäheriň gündogaryndaky kölden alýar. Munuň üçin 8,5 kilometrlik suw geçirijisi gurlupdyr. Gelýän suw ýörite arassalaýyş basseýninden geçip, derýanyň akabasyna goýberilýär. Emma derýanyň suwunyň azalan mahaly onuň reňki üýtgäp, bulanýar. Şunlukda Aşgabadyň gözelligini artdyrmak üçin gurlan bu derýa garaşylmadyk käbir problemalary döredýär.

—Derýanyň suwy elmydama akyp durmaýar. Bu bolsa derýanyň suwuny hapalaýar, yslandyrýar. Ýata suwuň ysy tomus aýlarynda has beter duýulýar. Derýanyň akabasynyň ugry boýunça gurlan fontanlaryň ýanynda derýa oklanýan hapanyň üýşüp duran ýa-da olaryň suwda ýüzüp ýören mahallary hem seýrek däl. Emeli derýa gurlany bäri onuň golaýyndaky ýaşaýyş jaýlarynda çybynlar hem köpeldi—diýip, Allamyrat aýdýar.

"Eýesi ýok"

Garaşsyzlyk döwründe Aşgabatda ençeme seýilgähler guruldy. Suw çüwdürimleri bilen bezelen bu seýilgählerde aşgabatlylaryň dynç almak medeniýeti ösdi. Emma Aşgabadyň emeli derýasynyň ugrundaky gidroparkdaky gözgyny ýagdaý şäheriň beýleki parklarynyň hem ençemesine mahsus.

Emeli derýanyň golaýyndaky dört gatly jaýda ýaşaýan Berdi aga onuň häzirki gözgyny ýagdaýynyň sebäbini derýanyň eýesiniň ýoklugy bilen düşündirýär:

—Bu derýany gurmak üçin köp serişde harçlanan bolmaly. Ýöne soňky döwürlerde bu derýa eýeçilik ýok. Içi hapa. Gapdallary görer ýaly däl. Öňler göm-gökdi, bagçylykdy. Indi, baglary ekýärler, gurap ýatyr. Ekýäler, ýene guraýar. Eýesi ýok.

Gurluşygyna 63 million dollar sarp edilen emeli derýanyň häzirki haly Berdi aganyň bu sözlerini belli bir derejede tassyklaýar.

Emma derýanyň suwy birsyhly akyp dursa, onuň boýy gök begres baglara bürense, kenaryndaky arassaçylyga gözegçilik işleri ýola goýulsa, töweregindäki seýilgählere eýe çykylsa onuň paýtagtyň gözelligine nähili goşant goşjakdygyny göz öňüne getirmek kyn däl. Türkmenler suwa diriligiň gözbaşy diýýärler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG