Sepleriň elýeterliligi

“Aşgabat” we “Türkmenistan - sport” telekanallary efire çykdy


1-nji ýanwardan başlap Türkmenistanda “Aşgabat” we “Türkmenistan - sport” ady bilen iki sany täze telekanal efire çykyp başlady.

“Aşgabat” telekanalynda Türkmenistanyň paýtagtyndaky jemgyýetçilik, medeni, ykdysady we sosial täzelikler bilen baglanyşykly taýýarlanan materiallary bermeklik planlaşdyrylýar.

Ýigrimi dört sagat efire çykjak “Türkmenistan - sport” telekanalynda bolsa, sagdyn durmuş obrazyny wagyz edýän bedenterbiýe we sport bilen baglanyşykly gepleşikler görkeziler.

Käbir synçylar Türkmenistanda mundan ozal hem efire çykýan bäş sany döwlet telekanalynda diňe häkimiýetleriň syýasatyny mahabatlandyrýan gepleşikleriň berlip gelinýändigini aýdyp, bu ýagdaýy tankyt edýärler.
XS
SM
MD
LG