Sepleriň elýeterliligi

Mubarek 30 ýyllap “diýdimzor syýasat” ýöredenlikde aýyplanýar


Şu gün Müsüriň sudunda ýurduň baş prokurory häkimiýetden çetleşdirilen ozalky döwlet lideri Hosni Mubaregi 30 ýyla golaý wagtlap “diýdimzor syýasat” ýöretmekde aýyplap, çykyş etdi.

Bu barada şu gün Müsüriň baş prokurory Mustafa Suleýman Kairiň sudunda Hosni Mubarege garşy täzeden başlanan sud prosesinde eden aýyplaýyjy çykyşynda aýtdy.

Bu aýyplamadan daşary, bu sud prosesinde Hosni Mubarege, onuň iki ogluna, ýurduň ozalky içeri işler ministrine we ýene-de alty sany ýokary derejeli polisiýa ofiserine 2011-nji ýylyň fewralynda bolan protest çykyşlarynda 800-den gowrak protestçiniň ölümi bilen baglanyşykly-da aýyplama bildirilýär.

Ýürek keselinden ejir çekýän 83 ýaşly Hosni Mubarek sud prosesine tigirli krowatda ýatan ýerinde gatnaşdyrylýar.
XS
SM
MD
LG